SUNGATDA DÖWRÜŇ WASPY


SUNGATDA DÖWRÜŇ WASPY



Ýurdumyzda bilim we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejesine laýyk getirmek, döwrüň gazananlaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamy düýpli özgertmeler, täzelikler bilen ýokary derejelere ýetdi. Hormatly Prezidentimiz bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, okuwçylaryň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berdi. Ýurtda köpsanly täze, döwrebap, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň hemmesi internet ulgamyna çatylan häzirki zaman kompýuterler we innowasion tehnologiýalar, şol sanda soňky ýyllarda bilim ulgamynda giňden ulanylýan multimediýa enjamlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bilim bermekligiň iň täze usullary ulanylýar. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem ýaşlara bilim bermek we alan bilimlerini amaly usulda özleşdirmek, döwrümiziň talabyna laýyk ýaşlary kemala getirmek üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlar halypalar bilen birlikde türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşýarlar. Şekillendiriş sungatynyň üsti bilen döwrüň täzelikleri, gündeki durmuşy, üstünligi, taryhda yz galdyran şahsyýetleriň keşpleri şekillendirilýär. Her döwrüň özüne mahsus syýasy wakalary, taryhy ösüş maglumatlary bolup, olar ähli ugurlar bilen bilelikde şekillendiriş sungatynyň mysalynda hem aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda ýola goýlan «Halypa-şägirtlik ýoly» sungatyň dürli ugurlarynda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda oňyn netijeleri berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bina edilýän uly göwrümli işlere halypa ussatlar bilen birlikde ýaşlar hem gatnaşyp, olara öz alan bilimlerini, döredijilik hünärlerini amaly usulda kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ähli bölümlerinde okaýan ýaş hünärmenleriň sanynyň barha artmagy täze döredijilik pikirleriniň, täze görnüşleriň we taslamalaryň döremegine ýardam edýär. Bu sungat ojagynda her bir toýdur-baýramçylyklarda geçirilýän sergiler tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 21-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy. Bu sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, çeperçilik ugurlarda okaýan talyp ýaşlar gatnaşyp, olar Garaşsyzlygymyzy hem-de döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp eserlerini halk köpçüligine ýetirdiler. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkel, dizaýn, amaly-haşam eserleri ýerleşdirilip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ösüşleri, taryhy şahsyýetlerimiziň keşpleri, medeni mirasymyzyň waspy öz beýanyny tapdy.

Bu sergilenen eserler Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän işler bolup, talyp ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli syýasatyna, ülkämiziň gazanan üstünliklerine buýsanýandygynyň alamaty bolup durýar.



Orazgözel Utomyşewa