“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly sergisi


“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly sergisi



Şu gün ýagny maý aýynyň 05-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy mynasybetli çäre gurnaldy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda geçirildi. Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we ol oňyn netijelerini berýär. Bu ýurduň Döwlet departamentiniň „Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy“ atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap häzirki wagta çenli Türkmenistanyň terretoriýasynda jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy. Bu çärede hem şol amala aşyrylan taslamalaryň suratlarynyň sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Olardan Seýit Jemalletdin Metjidinyň syrça bezegleri, Gadymy Nusaýdaky diwar suratlary, Abu Sahyt Abul Haýryň gubury, Soltan Tekeş kümmetiniň gümmmezi, türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysy, türkmen golýazmalary we ş.m degişlidir. Geljekde iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň çäklerinde medeni ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk milli mirasyň ösmegine we geljekki nesillere netmeginde möhüm orny eýelär.