«Gül bezelen halym»
Türkmen halysy bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserine öwrüldi. Bu gudratyň, ýagny türkmen halysynyň dokalyşyny öz gözleri bilen synlaýan jahankeşdeler, syýahatçylar haly barada örän ajaýyp sözleri ýazyp galdyrypdyrlar. Şu günki günde hem biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly halyşynaslar we alymlar, hem-de hünärmenler, türkmen halysy barada diýseň ajaýyp sözleri aýdýarlar. 2019-nji ýylda Türkmen halysy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Türkmen halynyň joşgunyny has-da belende göterdi, sebäbi biziň ajaýyp halylarymyz öz gözelligini asyl nusgasyny nurly öwşgünini ýitirmän eýsem asyrlardan asyrlara aşyp biziň şu günimize gelip ýetdi.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halylary barada ýazylan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda biziň meşhur halylarymyzyň gözelligi we onuň adamzat jemgyýetinde tutýan orny barasynda ajaýyp maglumatlar beýan edilýär. Öz gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdýan türkmen halylarymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy bolup ol biziň buýsanjymyza öwrülendir. Günorta Sibiriň Altaý welaýatynyň Pazyryk depesinde tapylan ýüň halynyň türkmen halkyna degişlidigine birnäçe delliler bardyr. Türkmen halylary öz gözelligi bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem meşhurdyr.
Häzirki wagt türkmen halylarynyň ençeme görnüşleri dokalyp, çeper gözellikler halylarda öz beýanyny tapýar. Şeýle ajaýyp halylarymyzy we halyçy gelin-gyzlarymyzy wasp edýän ajaýyp owadan nakgaşçylyk heýkeltaraşçylyk ýaly sungatlarda waspy edilen eserlerden düzülen sergi, türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gül bezelen halym» ady bilen gurnaldy. Sergide halypa suratkeşlerimiz we heýkeltaraşlarymyz tarapyndan döredilen ajaýyp eserler görkezilip, olardan ussat suratkeşlerden Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurow, Aman Amangeldiýew, şeýle-de Sülgün Hojagulyýewa, Aýna Patarowa, Gülnäz Rozykulowa ýaly suratkeşleriň döreden eserleri bolup sergä özboluşly bezeg berýär. Aman Amangeldiýewiň «Türkmen halyçylary» atly 1961-nji ýylda ýerine ýetiren eserinde türkmen halyçy gelin-gyzlaryň haly dokap oturan pursady beýan edilýär. Bulardan başga-da sergide küýze gaplar nagyşlanan we sünnälenen amaly-haşam önümleri bolup tomaşaça öz täsirini ýetirýär.
Hemişe türkmen halylary biziň öýlerimizi, toýlarymyzy bezäp dursun!