Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinde gurnalan göçme sergi


Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinde gurnalan göçme sergi



Köňlünde mert pederleriň ruhy bolan harby gullukçylary merdana ata-babalarymyzyň şöhratly, söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň gurnamagynda Watan goragçysynyň gününe bagyşlanyp “Watan goragy mukaddesdir” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan göçme sergi gurnady. Sergide ussat suratkeşler K.Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, B.Hudaýnazarowyň “Garlawaç”, Ý.P.Grişiniň “Natýurmort. Säher. Bägüller”, G.Babikowyň “Goragda. Pamir”, atly eserleri türkmen keramika sungaty eserlerinden M.Ataýewanyň “Agşam”, A.Taganowyň “Bezeg güldan”, S.Muhammedowanyň “Mukam”, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden A.Ataýewanyň “Gopuzçy gyz” ýaly birnäçe eserleri sergilendi.

Goý, ata Watanymyzy, il-gününi jandan söýýän, göbek gany daman dogduk mekanyny gaýa dek gorap bilýän gerçek ýigitlerimiz mydama halkyň guwanjy, Watanyň daýanjy bolup, mukaddes borja wepalylygyň nusgasyny görkezip, ýurduň abraýyna abraý goşsun!