«Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi


«Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň guramagynda «Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halky medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň köp müň ýyllyklaryň taryhyndan toplanan edebi mirasymyzy öwrenmek halka ýetirmek, häzirki ýaşlarymyzy geçmiş mirasymyz bilen wagyz etmek, olary ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlar edip terbiýelemekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowa, Arkadag şäheriniň statistika müdirliginiň işgärler boýunça baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Mähri Ataýewa, Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» DTB-niň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Merjen Annasaparowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Akgül Gurbanmämmedowa dagy gyzykly we täsirli çykyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň dutarçylary çykyş etdiler.