Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamynda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi ösdürmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Bäş müň ýyllyk taryhly ýurdumyzda şu günki muzeýler berkarar döwrümiziň medeni-ylmy ojaklarydyr. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip, halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde, geljekki nesillerimize ýetirmek üçin milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Şeýle muzeýleriň biri-de paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýidir.
Aşgabat şäheriniň Günorta-Günbatarynda ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýine Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň hormatly mugallymlary hem-de talyplary gezelenje gelip muzeýdäki eksponatlar bilen giňişleýin tanyşdylar.
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň Garaşsyzlygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşen milli gahrymanlarymyzyň şöhrat diwary onuň merkezinde bolsa, zehinli, halypa mugallym, edermen esger we ajaýyp şahsyýet Türkmenistanyň hormatly Il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň portreti ýerleşdirilen bölüminde köp dürli sorag jogap arkaly düşündirişli gezelenç giňden öz beýanyny tapyp, gezelenje gelen talyplar üçin has hem gyzykly boldy.
“Watan mukaddesligi” muzeýi medeni aň-bilim we ylmy-barlag edarasy bolmak bilen, ýurdumyzyň muzeý ulgamy babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär, ol türkmen halkynyň taryhy geçmişi, Watanyň azatlygy hem-de Garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde görkezilen gahrymançylyklar bilen bagly taryhy we medeni gymmatlyklarynyň döwlet gaznahanasydyr.
Ýaş nesillerimize taryhyň gymmatlyklarynyň gadryny bilmegi, olary aýap saklamagy ündeýän bu işler babatynda uly işleri alyp barýan hormatly Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleri elmydama şowly bolsun! Hormatly Prezidentimiziň saýasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere bedew bady bilen gadam ursun! Şeýle bagtyýar günleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!