Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy


Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy



Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri, BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we bileleşiklere goşulmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan bu syýasat Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň şanly ХХVI ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy.
Sergide Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalary şekillendirilen fotosuratlar toplumy, döwlet Baştutanymyza sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, şekillendiriş sungatyna degişli surat eserleri, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, albomlar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar. Bu sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.