Ussat teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýi


Ussat teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýi

Berkarar döwletiň beýik ösüşleriniň bady bilen öňe barýan türkmen halky «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda sungat işgärleriniň şahsy sergileri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän döredijilik sergisi gurnaldy.

Sergide Nazar Geldiýewiň «Seýdi», Setdar Garajaýewiň «Görogly», Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar», Belarus dramaturgy Alekseý Dudarewiň «Agşam», Nadežda Ptuşkinanyň «Gitme», Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Nejep oglan», Bazar Amanowyň «Mollanepes» pýesalarynyň sahna dekorasiýalarynyň we kostýumlarynyň eskizlerini görmek bolýar.

Şeýle hem bu sergide kinofilmlere döredilen dekorasiýa eskizlerini we portret teatr-dekorasiýa sungaty ýerleşdirilen.Suratkeş öz döreden eserlerinde elmydama adamy öňe sürmäge çalyşýar.

Bu aktýorlaryň oýnunyň täsirini güýçlendirýär, keşpleri ulaldýar, olary has täsirli edip görkezmek mümkinçiliklerini döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen ruhunyň we buýsanjynyň dabaralanýan häzirki ajaýyp döwrümizde milli buýsanjymyz bolan ussat şahsyýetlerimize goýulýan hormat sarpanyň belentligini täze röwşene eýe eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklary beslensin!