Nobatdaky göçme sergisi


Nobatdaky göçme sergisi



2020-nji ýylda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklerine ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetilýär, has dogrusy ýurdumyz bütin dünýäde uly abraýa eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjyny ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýöriteleşdirilen bank mekdebinde göçme serginiň açylyş dabarasy boldy.

Sergide ussat suratkeşler Yzzat Gylyjowyň «A.Jülgäýewiň portreti», Ýarly Baýramowyň «Gaýybanaçy», Aman Amangeldiýewiň «Biziň atalarymyz», Rahman Umarowyň «Läle bagşy», Tamara Kiselýowanyň «Irisler», Laçyn Rejepgulyýewanyň «Ýaşyl alma», Söýün Sähetgylyjowyň «Milli natýurmort», Aýa Serhenowanyň «Türkmenistanyň baýlygy» atly eserler toplumy öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhyny wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözelliklerini milli öwüşgünlere beslenýär. Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymmatlyklarymyz, taryhy şahsyýetlerimiz, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilip, sergä tomaşa edýänlerde uly gyzyklanma döretdi.