Göçme sergiler


Göçme sergiler



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýaşlary türkmen halkynyň baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşdyryp, ony wagyz etmek boýunça ýurdymyzyň birnäçe çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda göçme sergiler gurnalýar. Ine şeýle sergiler ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdepde «Milli mirasyň hazynasy» ady bilen, şeýle-de Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk» şahamçasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde «Muzeýiň etnografiýa we tebigat gymmatlyklary» ady bilen gurnaldy.

Sergilerde Döwlet muzeýiniň maddy gymmatlyklar gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar, ýagny XIX-XX asyrlara degişli bolan birnäçe görnüşli haly önümleri, horjunlar, çuwallar, torbalar, milli egin-eşikleriň toplumy, ýagny erkek, aýal, we çaga eşikleri, türkmen halkynyň geçmişde ulanan hojalyk esbaplary, gadymy milli gap-gaçlar hem-de ýurdymyzyň baý tebigatyna degişli bolan ajaýyp guşlaryň gäpleri hem-de haýwanat dünýäsini wasp edýän fotosuratlar sergilendi. Muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan olar barada okuwçylara we mugallymlara giňişleýin gürrüň berildi.

Bu sergiler çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, taryhy baýlygy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer. Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy okuwçylaryň türkmen halkynyň nesillerden nesillere geçip gelýän medeni, maddy, ruhy gymmatlyklary hem-de ülkämiziň ajaýyp haýwanat dünýäsi barada goşmaça maglumat almagyna we öz bilimlerini has hem artdyrmagyna ýardam berýär.