Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy


Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy



Şu gün Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ussat suratkeşiň Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda nakgaş eserleriniň sergisi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden sungat işgärleri, suratkeşiň egindeşleri, onuň bilen bile zähmet çeken adamlar Yzzat Gylyjowyň döreden sungat eserleriniň özboluşly aýratynlyklary, olardaky beýan edilýän wakalaryň inçelik we ussatlyk bilen ýerine ýetirilendigini, şeýle-de suratkeşiň döredijiliginde türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynyň giňden açylyp görkezilýändigi barada belläp geçdiler.

Hawa, Sosialistik Zähmet gahrymany (1983), SSSR-iň Halk suratkeşi (1973), SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi (1967), SSSR-iň çeperçilik akademiýasynyň korrespondent-agzasy (1970), SSSR-iň çeperçilik akademiýasynyň Hakyky agzasy (1988), Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Yzzat Gylyjow irginsiz zähmeti bilen eziz Watanymyzy şöhratlandyrdy, öz ömrüni we sungatyny Türkmenistan döwletimiz bilen baglanyşdyrdy.

Halypa nakgaşyň «Gowy durmuş üçin»(1957), «Suwa tarap ýol»(1959), «Garagum çölünde» (1963), «Gyrkymçylar» (1964), «Ilkinji tarp ýer» (1966), «Ertir baýramçylyk» (1972), «Bagt» (1979), ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň durmuşy we ýaşaýşy, edermenligi, zähmetsöýerligi uly hyjuw bilen beýan edilýär.

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde gurnalan sergide suratkeşiň 200-den gowrak nakgaş we grafika eserleri görkezilýär. Olaryň arasynda dürli ýyllarda döredilen portret, peýzaž, tematiki we natýurmort eserlerini synlamak bolar.

Sergi öz işini 15 gün dowam eder.