Ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinden “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy


Ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinden “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde golaýda ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinden “Halypa-şägirtlik ýoly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy “Miras” teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademik drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti – Gülälek Akmyradowa alyp bardy, teleýazga Türkmenistanyň halk artisti – Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti – Döwrangeldi Agalyýew, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gaznan artisti – Gülşirin Annamyradowa, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti – Gülnabat Abdullaýewa, Adalat gazetiniň redaktory – Gurbanjemal Annakowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa hem-de Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymy we talyp ýaşlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Gepleşikde milli mirasymyzyň, taryhy şahsyýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilişi dogrusynda gürrüňdeşlik geçildi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşan halypalar halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin halypa-şägirtlik ýolunda mekdep bolup durýan türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.