ÝAKYMLY TÄSIR GALDYRDY
Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen ruhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak muzeý işgärleriniň borjy bolup durýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu ugurdan medeni çäreler, sergiler yzygiderli geçirilip, sungat ussatlarynyň döredijiliginiň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyna taýýarlyk görülýän şu günlerde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde medeniýet we sungat işgärleriniň «Amaly-haşam sungaty eserleriniň» sergisi açyldy. Köp adamly bolan bu sergide türkmeniň milli amaly-haşam sungaty eserleriniň häzirki zaman nusgalary görkezildi. Suratkeşler Möjek Çaryýewiň, Nataliýa Kaluginanyň, Aýa Serhenowanyň, Gülara Babaýewanyň nakgaş, keramika işleri, milli äheňde ýerine ýetiren şaý-sepleri, Dmitriý Flipçenkonyň mahmalyň ýüzüne çeken suratlary, Almagül Garlyýewanyň ussatlyk bilen döreden öý bezeg esbaplary görkezildi. Ussatlar Ajap Baýryýewanyň, Annabagt Täçmyradowanyň, Bahar Muhammedowanyň, Mariýa Flipçenkonyň, Irina Dorofeýewanyň, Gennadiý Osipowyň dürli ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Durdygül Kulyýewa