«Asyrlara ýörelge- nesillere görelde»


«Asyrlara ýörelge- nesillere görelde»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi halkymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň hazynasy bolup durýar. Muzeýiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar. Muzeýe gelýänler dürli gymmatlyklaryň üsti bilen türkmen halkynyň baý taryhy hem-de medeniýeti barada öz bilimlerini artdyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallasy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýaşlarymyzy türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi täsirli we gyzykly düşündirişli gezelençleri, wagtlaýyn sergileri hem-de göçme sergileri gurnaýarlar.

Golaýda Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölümi tarapyndan «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Asyrlara ýörelge - nesillere görelde» atly sergi gurnaldy. Bu sergide XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, aýakgaplar, amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleri, haly dokalýan zähmet gurallary, ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Bular barada muzeýiň hünärmenleri okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler. Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, taryhy baýlygy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer.