«Il saglygy – ýurt baýlygy»


«Il saglygy – ýurt baýlygy»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylymyz täze üstünlikler bilen dowam edýär. Depginli ösüşleri özüne hemra hem maksat edinen häzirki eşretli zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada edilýän uly aladany ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bilen deň hatarda döwlet ösüşiniň aýratyn möhüm ugry hökmünde kabul edip bolar.

Her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýä saglyk güni hökmünde Ýer ýüzünde giňden bellenilýär. Bu mynasybetli biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýär.

Halkyň saglygy baradaky alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş halkara ülňüleriniň derejesine ýetirildi. Döwletimiziň esasy baýlygy hasaplanýan halkyň saglygy we milletiň geljegi baradaky alada ileri tutulmagynda galýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatynyň bu esasy ýörelgesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň täzeden düýpgöter özgerdilmegine badalga beren «Saglyk» döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak, nesli sagdyn durmuş ýörelgesinde terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Il saglygy – ýurt baýlygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, döredijilik adamlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaş türkmen türgenleridir ussat tälimçiler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän döredijilik işgärleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Il saglygy – ýurt baýlygy» atly maslahatda çykyş edenler bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdyn bolmagyny sazlaşykly utgaşdyrmak halkymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän möhüm şertlerdigini, Prezident maksatnamasynda bu sagdyn durmuş ýörelgeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýändigini nygtadylar.