Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy


Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy



Birinji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni bellenýär. Bu ajaýyp senäniň ählumumy baýram edilmegi adamzadyň çagalar barada edýän aladasyny, ýagny, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary, gowy bilim almaklary we olaryň durmuşdaky orunlaryny tapmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretjekdigini tassyklaýar.
Biziň ýurdumyzda döwletiň ilkinji nobatdaky wezipesi üstünlikli amala aşyryldy–çagalaryň beden we ruhy taýdan ösüp ýetişmekleri, olaryň başarnyklarynyň we zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi. Häzirki zaman pedagogik maksatnamalar, bilim özgertmeleri şu wezipäniň çözülmegine, okatmaga, saglygy goramaga, sporty we işjeň dynç alyşy ösdürmäge gönükdirilendir.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Çagalary goramagyň halkara gününde konsertler, teatrlarda sahna oýunlarynyň goýulmagy sergiler, bäsleşikler, sport we saglygy goraýyş çäreleri bilen utgaşýar. 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy» atly sergi gurnaldy. Serginiň çäginde «Bagtyýar çagalyk döwrüm» atly çagalaryň çeken suratlarynyň we Döwlet muzeýiniň «Ýaş suratkeş» gurnagyna gatnaşýan okuwçylaryň işleriniň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan çagalaryň çeken aýdyň, şadyýan, suratlary serginiň esasy bezegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimize çagalar tarapyndan sowgat berlen sowgatlyklar, dürli suratlar we elde ýasan oýnawaçlary sergide aýratyn orny eýeleýär. Sergi Döwlet muzeýiniň gaznahanalaryndan çykarylan türkmeniň milli çaga geýimleri, şaý-sepler bilen bezelip, olar çaga bolan söýgini wasp edýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Dabara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Wiktoriýa Strelsowanyň ýolbaşçylygyndaky «Elmaz» çagalaryň tans topary, «Disneý TM» toparyň artistleri gatnaşdylar.
Gurnaga işjeň gatnaşan çagalara Hormat haty we sowgat gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.