Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň kitaphanasy täze kitaplar bilen baýlaşdyryldy


Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň kitaphanasy täze kitaplar bilen baýlaşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň kitaphanasy Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze neşir edilen kitaplar, ylmy edebiýatlar bilen baýlaşdyryldy.

Täze kitaplaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV tomy we belli türkmen alymlary A.Bekmämmedowanyň «Magtymguly Pyragynyň elegiýalary», M.Amansähedowyň «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti» atly ylmy edebiýatlary bar.