Göçme sergi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy, halyçylyk sungatyny ösdürmek üçin döredýän şertleri netijesinde türkmen halysynyň şan-şöhraty has-da beýgelýär. Türkmen halysynda halkyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün-islegi öz beýanyny tapypdyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanda giňden bellenilýän Haly baýramy mynasybetli golaýda çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Türkmen halysy – gözellik nusgasydyr» atly göçme sergi gurnady.
Sergide türkmen halkynyň gadymy haly önümlerine degişli bolan horjunlar, torbalar, çuwallar, düýehalyk, gapylyklar giňden görkezildi. Serginiň dowamynda dokmaçylykda ulanylýan gurallar: darak, gaýçy, keser ýaly esbaplar hem ýerleşdirilen. Mundan başga-da sergide gözel tebigatymyzy suratlandyrýan şekilli halylar hem sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.