Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde göçme sergi gurnaldy


Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde göçme sergi gurnaldy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmeniň milli gymmatlyklaryna, milli mirasyna uly üns berilýär hem sarpa goýulýar. Gadymdan gelýän taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzy asyl çeşmeleriň esasynda ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we halka ýetirmek muzeý işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnaýarlar.
2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol mekdebiniň mugallymy Jumaberdi Artykow, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa hem-de muzeýiň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär. Sergi maý aýynyň 18-ne çenli dowam eder.