Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç


Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ösüşlere beslenýän ýyllaryň biri boldy. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellemek boýunça ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Beýik söz ussadynyň şygyrlary geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy mirasydyr. Ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny ygtybarly saklamakda, wagyz etmekde we ýaş nesillerde ata-babalarymyzyň alyp baran işleri barada ýeterlik düşünje almaklaryny gazanmakda muzeýleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle muzeýleriň biri hem halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşmak hem-de wagyz etmek maksady bilen muzeýe dowamly täsirli we gyzykly gezelençler gurnalýar. Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary muzeýe gezelenje geldiler. Olar muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda teleýazgyda çykyş etdiler.

Biziň gymmatly baýlyklarymyzy aýawly saklamakda, dünýä medeniýetiň ösüşine uly goşant goşan hazynamyzy, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň taryhy köklerini öwrenmeklige giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.