«Biz bagtyýar çagalar»


«Biz bagtyýar çagalar»



Türkmenistan bagtly çagalaryň mekany. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmegi olaryň gowy okap terbiýe almagy üçin Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uly mümkinçilikler döredilýär.
Biziň gelejegimiz bolan ýaş nesillerimize ýurdumyzda, çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Çagalar özleriniň dynç alyş möwsüminde özleriniň boş wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary olaryň gelejeginiň has ajaýyp bolmagyna uly itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 1-njy iýunynda Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, şatlyk, şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Biz bagtyýar çagalar» atly sergi gurnaldy. Sergide sungatyň nakgaş eserini döredýän ýaş nesillerimiziň ýerine ýetiren, ýurdumyzy we gözel tebigatymyzy gündeki şadyýan durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp reňkler bilen ýerine ýetirlen suratlaryň bolmagy, biziň sungatymyzyň mundan-buýana hem gülläp ösmegine öz täsirini ýetirdi. Çekilen suratlaryň arasynda çagalaryň päk ýürekden arzuwlardan doly ýürekleri bilen buýsançly çeken suratlary tomaşaçylara uly täsirini galdyrdy.
«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda şeýle hem şäherimizde hereket edýän çagalaryň çeperçilik sungat mekdeplerinde ýaşajyk suratkeşleriň ýerine ýetiren suratlarynda watanymyzyň ösüşleri gök asmanda uçuşup ýören kepderiler bilen sazlaşykly owadan reňklere beslenen eserleri synlap bahar bägülleriň kalplarymyzda joşgun söýgi döredişi ýaly sungat hem ýaşaýyşa bolan höwesimizi artdyrýar. Şeýle suratlary Türkmenistan watanymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sungat çeperçilik mekdeplerinden okuwçylaryň şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň çeken suratlaryndan ybaratdyr.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de Büzmeýin etrabynyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça bäsleşik geçirilip, ýeňijilere sylaglar gowşuryldy.