Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Hormatly ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir” atly baýramçylyk dabarasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Toý-tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalar, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi has-da artýar. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine Ýaşulularyň halkara güni aýratyn ruhubelentlik bilen döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşinde “Ýaşulularyň halkara güni” güni mynasybetli göçme sergi gurnaldy. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň taryhy gymmatlyklaryndan düzülen halypa suratkeşleriň we ýaş suratkeşleriň eserleri özboluşly usulda we reňk sazlaşygynda ajaýyplyk bilen görkezilen.
Sergä gatnaşan myhmanlar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.