Waspy dillerde dessan


Waspy dillerde dessan



Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan ýylyň ilkinji wagtlaýyn sergisi «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýilip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýilip atlandyrylmagyna bagyşlandy.
Muzeý bu sergini welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler 2021-nji ýylyň şygarynyň manysynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýändigini ýene bir ýola nygtadylar.
Sergä aýlanyp göreniňde, hemmeleriň gözüniň düşäýjek ýerinde ýerleşdirilen şanly ýylyň nyşany göze gelüwli bezegi bilen ünsüňi çekýär. Oňa ýakyn bölümleriň birinde hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň birnäçesi ýerleşdirilipdir. Şol eserleriň biri «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýlip atlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu eser türkmen halkynyň aýdym saz sungatyna we onuň beýik güýjüne bagyşlanýar. Kitapda Şükür bagşy bilen bagly meşhur wakanyň üsti bilen sungatyň parahatçylygy berkarar etmekdäki iň belent güýçdügi baradaky pikir öňe sürülýär. Şu gezekki sergide milli saz gurallarymyzyň hem birnäçe görnüşine uly orun berlipdir. Elbetde, dutardyr gyjak olaryň arasynda iň görnükli orny eýeleýär.
Sergi 25 -nji ýanwara çenli öz işini dowam etdirer.

Agageldi ITALMAZOW