Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi taryhy waka bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde we olary halkymyzyň durmuşynda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ykballary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýandygy, medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň gymmatlyklary halkymyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap hereket etmegine, döredijilikli zähmet çekmegine kuwwatly itergi berýändigi barada hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň ýaşlary terbiýelemekde gymmatly gollanma hasaplanýandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, ýokary derejelere ýetirmekde, medeni mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dikeltmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.