2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi


2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni
ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde”
atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi



ХХI asyr ylmy-tehniki açyşlaryň döwri bolmagyna garamazdan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe şöhratly taryhy bolan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli medeniýetimizi, mirasymyzy ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Çünki türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary, medeni we ylmy ösüşleri, milli häsiýetli ýörelgeleri ýaly umumyadamzat gymmatlyklary jemlenýär. Ata-babalarymyz geçmişde birnäçe beýik döwletleri döretmek bilen Ýer ýüzünde özüniň taryhyny, milli mirasyny, özboluşly medeniýetini şöhratlandyrmagy başardy. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň täze tapgyrynda ileri tutulýan wezipeleriň hataryna halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ylym-bilimi kämilleşdirmek, adamzadyň ruhy-genji hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý maddy hem medeni mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmagyna ýardam etmek degişlidir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi hem-de taryhyň syrly wakalaryny çözlemeklige ýardam berýän arheologik gymmatlyklary jemleýän sergi guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň merkezi edarasynyň, Taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň açylyş dabarasy “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi mynasybetli çykyşlar bilen başlandy. Bu dabaraly çärede “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlaglar we rejeleýiş işleri” atly täze kitap bilen hem tanyşdyryldy. Çykyş edenler bu kitabyň Türkmenistanyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşygyň umumy mejlisi wideoaragatnaşyk arkaly dowam etdi. Onda türkmen alymlarynyň hem-de daşary ýurtly ylmy institutlaryň wekilleriniň, alymlarynyň we arheologlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşlary has hem täsirli boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binýadynda bölümçelerde dowam etdirildi. Bölümçelerde çykyşlar tamamlanandan soňra “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyga gatnaşyjylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.