Göçme sergi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ýurt Baştutanymyzyň çäksiz tagallasy bilen müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmeklige we ýaşlaryň arasynda ýaýmaklyga giň ýollar açylýar.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemme taraplaýyn öwrenmek we halka ýetirmek muzeý işgärleriniň paýyna düşýär «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde yzygiderli gurnalýan sergiler türkmen halkynyň däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda saklanýan gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol mekdebiniň direktorynyň orunbasary Adaýew Arslan, Döwlet muzeýiniň usulyýet bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdyýewa hem-de muzeýiň medeni-aň bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Bu okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň muzeý gymmatlyklaryny gyzyklanma bilen yzygiderli görmäge gelmekleri buýsandyryjydyr. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli halylar, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär. Sergi maý aýynyň 31-ne çenli dowam eder.