“Watan mukaddesligi” muzeýinde “Audiogid” hyzmaty ornaşdyryldy


“Watan mukaddesligi” muzeýinde “Audiogid” hyzmaty ornaşdyryldy



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýän raýatlarymyzda hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda uly täsir galdyrýar. Häzirki zaman döwrebap enjamlar arkaly işleri ýola goýmak bolsa muzeý işleriniň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky ýerleşen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde hem iş usullaryny Sanly ulgama geçirmek babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde bu öňde goýlan talaplary berjaý etmek maksady bilen birnäçe dillerde muzeýiň ekskursiýasyny beýan edýän “Audiogid” hyzmaty ornaşdyryldy. Muzeýde ornaşdyrylan ýörite ekskursiýa üçin “Guide player” enjamy arkaly türkmen, rus, iňlis, hindi, dillerinde raýatlarymyza we daşary ýurtly myhmanlara elektron ekskursiýa bermek mümkinçiligi ýola goýuldy.
Muzeýde hünärmenler tarapyndan gelýän raýatlara we syýahatçylara bu enjam bilen bagly düşündiriş işleri geçirilip, ýörite düzgün-tertip esasynda audioekskursiýa hyzmaty hödürlenilýär Audiogid – bu enjam özbaşdak muzeý ekspozisiýasy, sergiler, ýa-da şäher hem-de tebigatyň gözelligi, tebigatyň janly muzeýi bilen tanyşmak üçin ýörite hünärmen tarapyndan taýýarlanan düşündirişli ekskursiýany beýan edýän elektron ýolbelet hökmünde ulanylýan sanly ulgamyň bir görnüşidir.
Bu enjam üçin (audiogid) taýýarlanýan maglumatlar ähli mümkinçilikleri özünde jemläp janly sözleýşiň (janly ekskursawodyň ýa-da ýolbelediň) äheňinde oňaýly, täsirli bolup diňleýjiniň eşidiş ukybyna görä kabul edip özüne çekmelidir.
Audiogid üçin ýazylyp taýýarlanan maglumatlar has kämil bolmagy üçin oňa çeper edebiýat tarapyndan döredijilikli çemeleşilmelidir.
Muzeý eksponatlary barada maglumaty taýýarlaýan awtor diňleýjiniň ünsüni ses ýazgynyň üsti arkaly gyzykly ekskursiýa görnüşinde beýan edip, iň bir wajyp ýatdan çykmajak esasda diňleýjä ýetirmegi başarmalydyr.
Audiogid üçin ses ýazgy edilende, ussat diktorlaryň we ses režissýorlaryň ahmiýeti hem uludyr. Bu işde audio ekskursiýanyň beýanynda sözüň astynda saz eseri ýa-da dürli görnüşdäki owadan sesleri ulanmak has hem diňleýji üçin täsirli bolup biler. Ýöne sazly beýan edilýän audioekskursiýada daşary ýurt dilindäki maglumatlar taýýarlanylanda, gürrüňi ediljek muzeý eksponatyna laýyklykda häzirki zaman mylaýym saz eserini goýmak mahsusdyr.
Düzgün boýunça sadadan oňaýly, taryhy wakalar bilen gyzyklandyrylyp ýerine ýetirilen audioekskursiýanyň beýany diňleýjileriň ýüreginde oňyn täsir galdyryp biler.
Audiogidde ýerleşdirilen elektron düşündirişli ekskursiýanyň mazmunynyň beýany ýönekeýden düşnükli sözler bilen açyk, dogry sesleniş bilen beýan edilen bolmaly. Raýatlar ýa-da syýahata gelen myhmanlar üçin dürli dillerde taýýarlanan maglumatlaryň arassa, anyk, dürs ýazylan, diňleýjiler üçin düşnükli, sada, tanyş sözler bilen beýan edilendir.
Bu muzeý işiniň has-da netijeli bolmagy üçin galyberse-de beýleki syýahatçylyk gezelençlerinde, döwletiň içinde we halkara gatnaşyklarynda ähmiýeti uludyr.