“Diýarym asuda–ýurdum parahat” atly sergi


“Diýarym asuda–ýurdum parahat” atly sergi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz her ýyly ajaýyp üstünliklere besläp, ösüşlere tarap belent sepgitlere ýetdi. Özüniň mynasyp şygarlaryna beslenen her bir ýyl gazanylan üstünlikleri we ajaýyp netijeleri bilen türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Halkymyz, “Halkyň Arkadagly Zamanasy” diýlip, yglan edilen 2022-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Tutuş türkmen halkynyň uly ruhubelentlik bilen garşylan “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynyň belent şygaryna bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň suratkeşleriniň muzeý gaznasyndaky eserlerinden “Diýarym asuda–ýurdum parahat” atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergidäki eserler Watanymyzyň Bitaraplygynyň, asudalygynyň, dostanalygynyň ajaýyp waspy bolmak bilen ýylyň şygaryny reňkleriň üsti bilen beýan edýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Dutar hakda söhbet”, Haky Allaberdiýewiň “Halyçylar”, Annageldi Kulyýewiň “Änew metjidi”, Wladimir Bagdasarýanyň “Hasyl baýramy”, Ata Akyýewiň “Türkmenler hakynda aýdym”, Stanislaw Babikowyň “Aşgabadyň güýzi”, Tamara Kiselýowanyň “Bägülleriň açylyşy”, “Bagyr üzümçiligi”, Ogulgurban Atabalowanyň “Sahylyk” atly nakgaş eserlerinde ýurdumyzyň gözel tebigaty, türkmen döwletiniň ösüşleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik süňňünden eriş-argaç bolup geçýän ajaýyp sungatyň üsti bilen Halkyň Arkadagly Zamanasynyň waspy ýetirilýär.