«Magtymguly, adyň döndi Pyraga » atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi


«Magtymguly, adyň döndi Pyraga » atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi

2024-nji ýyly Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýän ýylynda şahyry hormatlap bu ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi halkymyzyň ruhuny asmana göterdi. Diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty halkara abraýy ýaş nesillerimizde buýsanç joşgunyny has-da artdyrýar. Ýaş nesilleriň kalbynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk döredijiligine uly hormat bimöçberdir. Şahyryň her bir setirleri aýdyma öwrülip halkymyz durşuna mukam setirlere çäksiz buýsanç uly söýgi bilen garaýar.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda «Magtymguly, adyň döndi Pyraga» atly aýdym-sazly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çykyş edenleriň söhbetiniň esasy mazmuny boldy. Dünýä şygyrýetiniň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary halkymyzyň watançylyk ruhuny beýgeldip abraýyna abraý, badyna-bat gatdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň milli saz gurallar orkestriniň çykyşy has-da şowhunly boldy.