Milli mirasymyzyň nusgalyk genji-hazynasy


Milli mirasymyzyň nusgalyk genji-hazynasy



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

Watana söýgi, geçmişiňe buýsanç, şu günüňe guwanç, geljegiňe ynam şanly taryhy geçmişden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin her bir nesil şöhratly taryhyny, medeni üstünliklerini – milli buýsanjyny çuňňur bilmelidir


2020-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy ýurduň geçmişini, şu günki gününi we geljegini baglanyşdyrýan, dünýäniň halklary bilen alnyp barylýan medeni gatnaşyklary täze taryhy derejä gönükdirýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny tutuş dünýäde toplumlaýyn öwrenmeklige we giňden wagyz etmeklige itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlyklaryny toplamak hem-de olary düýpli öwrenmek maksady bilen täze ylmy barlag topar döredildi. Şol topara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinden muzeýiň bölüm müdiri Maýsagül Geldiýewa we muzeýiň esasy hünärmeni Ogulşat Dädebaýewa hem gatnaşdylar. Topar agzalary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda ekspedisiýanyň birinji hem-de mart aýynda ikinji tapgyrynda welaýatlarymyzda bolup, türkmen halkynyň däp-dessurlarydyr edim-gylymlary, yrym-ynançlary barada maglumatlary, nakyllardyr atalar sözlerini, aýdymlaryny, rowaýatlaryny we beýleki maddy däl medeni gymmatlyklaryny ýygnadylar.

Şonuň bilen birlikde Döwlet muzeýimize uly höwesli, Watana bolan söýgi bilen maddy gymmatlyklaryndan ençemesini hem sowgat berdiler. Sebäbi geçirilen wagyz işleriň netijesinde muzeýleriň islendik adama gutarnykly maglumat berýän merkezdigine aýratyn ähmiýet berdiler. Muzeýleriň maksady ýetip gelýän ýaş nesillerimizi, umuman halk köpçüligini medeniýetlilige ugrukdyrmakdan, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halka söýgi döretmekden ybaratdyr.
Şeýle hem Milli Liderimiz şu ýylyň fewral aýynyň 7-sine geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde muzeýleriň ekspozisiýalarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak barada görkezmeler berdi.

Bu babatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan hem uly işler alnyp baryldy. Muzeýiň işgärleri ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň birnäçe etraplarynda iş saparynda bolup, halkymyzda aýawly saklanyp galan milli gymmatlyklarymyzy ýygnap gaznalara tabşyrdylar. Ondan başga-da muzeýiň işgärleri özleriniň ene-atalaryndan galan miraslarynyň hem birnäçesini muzeýimize sowgat etdiler.

Şol toplanan täze tapyndylary görkezmek hem-de halky tanyşdyrmak maksady bilen, «Milli mirasymyzyň nusgalyk genji-hazynasy» atly sergi gurnaldy. Ol gymmatlyklar sergide döwürleriniň yzygiderliligi boýunça ýerleşdirilip, esasan etnografiýa degişli gymmatlyklar türkmen halkynyň maddy-medeniýetinden, ýaşaýyş durmuşyndan habar berýär.