Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde „Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde gurnalan göçme sergi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde „Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde gurnalan göçme sergi



ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde „ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar“ şygar esasynda geçirilen „Ahalteke bedewimiz-milli buýsanjymyz“ atly dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklardan göçme sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň „Baýrak gazanan“, Ýarly Baýramowyň „Köpetdagyň eteginde“, Gylyçmyrat Nurlyýewiň „Jennet behişdi bedewler“ ýaly eserleri örän çuňňur manylylygy bilen tapawutlanýarlar. Bulardan başga-da keramika eserleriň tasin nusgalary hem adamlarda öz täsirini galdyrýar. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň „Hereket“, Annameret Taganowyň „Güýz şemaly“, „Gül dessesi“, „Köneürgenç“, „Maşgala“ atly eserleri sergide mynasyp ornuny tapdy.