«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi


«Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkyna we ene-ata wepaly, ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär we munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň has-da kämilleşmegi üçin ýurdumyzda yzygiderli dürli bäsleşikler gurnalýar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgerişleri wasp etmek, jemgyýetiň ruhy baýlygyny has-da artdyrmak, milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak, şeýle-de çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak we olary höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň bilelikde ýurdumyzda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Hoşniýetli gatnaşyklar şekillendiriş sungatynda» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň birinji tapgyry öz mekdeplerinde geçirilip, bäşleşige hödürlenýän işleriň jemleýji tapgyry 2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergilendi. Bäsleşik grafika, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, gobelen, zergärçilik we külalçylyk işlerine degişli işler hödürlenildi. Bäsleşige gatnaşan işler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli we ynsanperwer halkara gatnaşyklaryny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, milli däp-dessurlarymyzy, gymmatlyklarymyzy we gözel tebigatymyzy wasp edýän eserleri öz içine alýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň diplomlary, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.