«Halkyň kalbyna siňen miras» atly söhbetdeşlik we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy


«Halkyň kalbyna siňen miras» atly söhbetdeşlik we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen «Halkyň kalbyna siňen miras» atly söhbetdeşlik we muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy.

Söhbetdeşlikde türkmen milliliginiň, däp-dessurlarynyň örän gadymylygy we özboluşly tapawudy, köp asyrlyk taryhy dogrusynda gürrüň edildi. Türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy bolup, olar biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halky özüniň her bir milli eserini sungat derejesine ýetirmegi başarypdyr. Olar nagyşçylyk, bezegçilik sungatyny kämilleşdirmekde hem uly meşhurlyk gazanypdyrlar. Nagyşçylyk, bezegçilik gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, türkmen halkynyň nepis halylaryna, egin-eşiklerindäki nagyşlaryna, zergär önümleriniň nagyşlaryna siňipdir. Türkmen gelin-gyzlarynyň geýniş usullary, bezeg şaýlary dakynyşy biri-biri bilen utgaşyp gidýär. Gelin-gyzlaryň öz ellerinden çykan gyrasy sary zolakly dürli reňkli keteniler göreniň aklyny haýrana goýýar. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gyz-gelinleriň el hünärleri gadymy milli mirasymyzyň biri hasaplanýar.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hünärmeni Akgözel Annamämmedowa we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa gatnaşdy.