«Gökdepe» milli muzeýinde geçirilen dabara


«Gökdepe» milli muzeýinde geçirilen dabara



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasa ýugrulan döwrebap ýörelgeleri esasynda türkmen halkynyň medeniýeti täze belentliklere we derejelere ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň aňyrsynda bolsa, umman ýaly giň many jemlenýär. Her halkyň geljekki ykbaly öz geçen şöhratly taryhy ýoluna bagly.

«Gökdepe» milli muzeýinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan arheologiki tapyndylaryň tabşyrylyş dabarasy geçirildi.

Mundan başga-da, muzeý işgärleriniň ilatyň arasyna aýlanyp halkyň milli däp-dessuryny, gadymy geçmişini görkezýän taryhy gymmatlyklary muzeý gaznasyna jemlemegi maksat edinen muzeý hünärmenleri tarapyndan birnäçe gymmatly esbaplar hem muzeý gaznasyna jemlenildi.

Bu taryhy esbaplaryň gymmatyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, «Gökdepe» milli muzeýinde «Halkyň milli gymmatlyklary – muzeý gaznalarynyň geljegi» atly giň ähmiýetli ýörite sergi gurnaldy.
Sergide türkmeniň taryhyny, milli aýratynlyklaryny beýan edýän gymmatlyklar, milli egin-eşikler, taryhy esbaplar görkezilýär. Serginiň dowamynda dürli taryhy tapyndylaryň birnäçesi sergini synlamaga gelýän myhmanlara hödürlenýär.
Serginiň merkezinde bolsa, gymmatly tapylan tapyndylar bolan esbaplar aýratyn orun tutýar:

1. Atyň üstündäki oglanyň heýkelini aňladýan keramiki heýkeljik. Tapylan ýeri: Orta asyr Abiwerd galasy, ХIV asyryň başlary;
2. Iç ýüzüne bedew atyň şekili çekilen küýze bölegi. Tapylan ýeri: Orta asyr Abiwerd galasy, ХIV asyryň başlary;
3. Hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen küýze bölegi. Tapylan ýeri: Orta asyr Abiwerd galasy, ХIV asyryň başlary.
Sergä gatnaşyjylar duz-çörek bilen garşylandy hem-de Gökdepe etrabynyň Medeniýet bölüminiň dutarçylar topary çykyş etdiler.
Dabara muzeý işgärleri, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleri, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, etrap çagalar sungat we çeperçilik mekdebiniň mugallymlary, Gökdepe etrabynyň medeniýet işgärleri, etrap mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.

Bu halkyň arasyndan esbap toplamak meselesiniň geljekde muzeý gaznasynyň baýlaşmagynda esasy orun tutjakdygyna hem-de halkyň geçmişiniň geljege şöhle saçjakdygyna subutnamadyr. Mundan başga-da, halkyň döreden gymmatlygynyň muzeýiň sergi bölümlerinde hemişelik orun alyp, geljekde muzeýi synlamaga gelýän her bir raýatlarymyza, daşary ýurt syýahatçylarymyza, ýaş nesillerimize öz taryhy dogrusynda gürrüň berjekdigini görkezýär.
Halkymyzyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri dowamat dowam bolsun!