Göçme sergi
Türkmen halkynyň milliliklerine çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz milli mirasy ile ýaýmaga, dünýä çykarmaga giň mümkinçilikler döredýär. Muzeý işgärleri hem öz gezeginde müňýyllyklary öz içine alýan taryhymyzy, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy, milli mirasymyzy ýazuw çeşmeleriň esasynda ylmy taýdan çuňňur öwrenýärler we gurnaýan göçme sergileriniň üsti bilen il içinde wagyz işlerini geçirýärler. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň Watansöýüji bolup ýetişmekleri, döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin taryhy özgertmeleri durmuşa geçirýär. Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde milli mirasymyzy açyp görkezýän göçme sergileri yzygiderli gurnaýar.
2020-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen sergini Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol okuw mekdebiniň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary dersiniň mugallymy Ogulnar Rejepowa, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa hem-de muzeýiň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Bu okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň muzeý gymmatlyklaryny gyzyklanma bilen yzygiderli görmäge gelmekleri buýsandyryjydyr. Sergide Bitaraplyk döwründäki ösüşleri, milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär. Sergi aprel aýynyň 19-na çenli dowam eder.