Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň milli hazynasy» atly sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň milli hazynasy» atly sergi gurnaldy



Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredýär. Türkmenistan medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýakynlaşmagyň möhüm guraly diýip hasaplaýar. Türkmen halkynyň döreden gymmatly baýlyklary durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülip, milli medeniýetimizi kemala getirýär.
2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Medeniýet – halkyň milli hazynasy” atly sergini gurnady. Sergide türkmen halkynyň ruhy durmuşynyň we onuň taryhy mirasynyň baýlygy şöhlelendirilýär. Halypa suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleri sergä toý öwüşginlerini çaýýar. A.Hajyýewiň, G.Ýazmuhammedowyň, Ş.Akmuhammedowyň, K.Töräýewiň nakgaş eserlerinde türkmen sungatynyň belent waspyny synlamak bolýar. S.Babaýewiň, J.Jumadurdynyň, A.Şetininiň heýkel eserleri baýramçylyk äheňini döredýär. Şeýle hem türkmen ussat zergärleriň elinden dörän nepis milli şaý-sepleri serginiň görnükli ýerinde orun alýar.
XX asyra degişli medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik durmuşyndan alynan dokumental fotosuratlar hem özboluşly saz gurallary sergä gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.