Maslahat geçirildi


Maslahat geçirildi



2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-na Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň , Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly : Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagy’’ atly maslahatynda halkyň islegi nazarda tutulyp , öňe sürülen geljek ýyly “ Halkyň Arkadagly zamanasy „ ýyly diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldamak boýunça hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata kitaphanalardan , muzeýlerden , bilim ojaklaryndan medeniýet sungat işgärleri hem gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlaryň çykyşlary diýseň täsirli boldy.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirip, “ Halkyň Arkadagly zamanasy „ atly şygary el çarpyşmalar bilen goldadylar. Eziz halkymyz Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem uly ösüşler bilen öňe gitjekdigini uly ynam bilen aýtdylar.