«Milli mirasym, gözel tebigatym»


«Milli mirasym, gözel tebigatym»



Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Etnografiýasy ylmy barlag bölümi tarapyndan, Gökderedäki «Altyn damja»çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Milli mirasym, gözel tebigatym» atly göçme sergi gurnaldy. Bu sergide türkmen halkynyň gadymdan galan egin-eşikleri, haly önümleri, durmuş esbaplary we ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Okuwçylar sergide gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler we guşlaryň her görnüşiniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi bilen tanyşdylar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň berdiler.