26-njy fewralynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi


2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi



«Ýaş suratkeş» gurnagynda gök-önümlerden, ir-iýmişlerden ýeňil düzülen natýurmort çekmek temasynyň dowamy boldy. Okuwçylar suwly reňkler we guaş boýaglarynyň üsti bilen natýurmortdaky miweleriň ýagty-kölegesini, reňkleriniň biri-birinden tapawudyny saýgaryp, ýerine ýetirdiler. Surat sapagyny alyp baran Döwlet muzeýiniň «Çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri» bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş-rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalar «Köneürgenjiň ýadygärlikleri» atly tema boýunça sapak geçdiler. Çagalara Giçki orta asyrlara degişli bolan Köneürgenjiň ýadygärlikleri bilen tanyşdyryldy, hem-de ol ýerden tapylan dürli gymmatlyklar barada maglumat berildi.

Sapagy has-da berkitmek maksady bilen okuwçylar Döwlet muzeýiniň «giçki orta asyrlar» bölüminde ekskursiýa aldylar. Geçilen temanyň okuwçylaryň hakydasynda galmagy maksady bilen olaryň aralarynda test bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň gazna saklaýjysy Näzikjemal Durdykakaýewa geçirdi.

«Ýaş tebigatçy» gurnagynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän Baýguşlar maşgalasyna degişli guşlaryň köpdürliligi bilen tanyşdyryldy. Ondan başgada şol maşgala degişli guşlaryň biologiki aýratynlygy, iýmetlenişi we köpelşi barada maglumat berildi. Sapagy Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri E.Altyýewa geçirdi.