“Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli Liderimiziň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynyň çap edilmegi mynasybetli “Arkadagly asuda Diýar” atly maslahat geçirildi. Maslahata medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler we mugallymlar gatnaşdylar.
Türkmen halky dünýä halklary bilen bilelikde 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününi uly baýram hökmünde belläp geçdi. Baýramçylyk senenamasyna girizilen Halkara Bitaraplyk güni halkymyzyň dünýä gymmatlyklarynyň hataryna beýik goşandydyr. Bu taryhy goşant çuňňur mazmuna eýe bolup, Bitaraplyk adamzat üçin görkezilýän täze bir taryhy ýol dur. Onuň aňyrsynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň belent taryhy şahsyýeti durýar.
Dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözünde söz sungatyna aýratyn orun berip, türkmeniň taryhy şahsyýetleriniň, söz ussatlarynyň bitiren hyzmatlaryna uly baha berdi.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde hormatly Prezidentimiziň täze döreden şygryny okap bermegi halkymyz üçin uly serpaýdyr, şol bir wagtda-da şahyrana sözüň nepislikleri, çuňluklary barada mundan beýläk hem düýpli oýlanmak üçin edebiýatçylara itergidir. Bu dürdäne eser öz mazmun we şekil täsinlikleri babatda türkmen şygryýetiniň soňky ýüz ýyllyklardaky ösüşi hem-de täze belentliklere göterilişi barada oýlandyrýar. Eseriň mazmunyndaky esasy zat türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesinden gelýän içki ruhy energiýa, türkmen kalbyndan çogup çykýan ruhy hümmet gorudyr.
Baky Bitaraplygymyzyň şahyrana köňle berýän ylhamy bilen döredilen bu ajaýyp eser ýöne bir şygyr bolman, eýsem, ol adamzat ykbalyna täsir etjek sözdür.
hormatly Prezidentimize ähli döredijilikli işinde täze-täze belentlikleri arzuw edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri mydama rowaç bolsun!