Muzeý – milli mirasyň gorydyr
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary her bir ugurda öz beýanyny tapýar. 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylmagy Arkadag şäherinde hem uly buýsanç döretdi. Şöhrata beslenen Arkadag şäheriniň gözelligini göreniňde Arkadagymyza bolan buýsanjyň artýar. Özboluşly aýratynlygy bilen uly gyzyklanma döredýän Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýylyň ilkinji günlerinden başlap gyzykly çäreler yzygiderli dowam edýär.
Ýaňy-ýakynda Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem muzeýe gezelenje geldiler. Bu ýerde olar muzeýiň milli mirasynyň gadymy kökleri, her bir aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle-de Ahal sebitlerine mahsus bolan täsin muzeý gymmatlyklaryny, muzeý eksponatlaryny ýakyndan öwrendiler. Muzeýler ylymyň, bilimiň ojagy bolmak bilen her bir eksponadyň özi giden many mazmuna eýedir.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Ahal sebitleriniň taryhy döwründen başlap, häzirki zamanamyza çenli özgertmeleri öz beýanyny tapýar. Muzeý bäş bölümden ybarat bolup, Garaşsyzlyk zalynda Arkadagymyzyň gazanan beýik üstünliklerini açyp görkezse, muzeýiň taryhy zaly başyny Jeýtun medeniýetinden söz açyp şu günleriň gyzgalaňly günleri bilen sepleşýär. Etnografiýa zaly türkmen durmuşyna bolan çäksiz söýgini döredip, milli mirasyň inçe köklerini yzarlaýar. Sungat zalymyzda bolsa, ata-babalarymyzyň senetkär halk bolandygyna şaýatlyk edýär. Tebigat zaly türkmen tebigatynyň baý aýratynlyklaryny birin-birin açyp görkezýär. Bu täsinlikleri görmäge gelen Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň mugallymlary talyplar bilen gyzykly söhbetdeşlik gurnadylar.