TÄSIRLI GEZELENÇ
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny has çuňňur öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmek milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Türkmen muzeýleri bu gün uly ynam bilen halkara derejesine çykýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda” Arkadagly Serdarymyz muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklady we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi.
Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp baýramynyň bellenilýän günlerinde bu sene mynasybetli Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary paýtagtymyzdaky “Watan mukaddesligi” muzeýinde gezelenje gelip muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşdylar.
1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň Garaşsyzlygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşde wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň şöhrat diwary onuň merkezinde bolsa, zehinli, halypa mugallym, edermen esger we ajaýyp şahsyýet Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň portreti ýerleşdirilen bölüminde has hem köp dürli sorag-jogap arkaly düşündirişli gezelenç giňden öz beýanyny tapyp talyplar üçin has hem gyzykly boldy. Muzeýiň beýleki bölümleri bilen bir hatarda olarda esasanam elektron sanly ulgam arkaly edilen gezelenç has-da täsirli geçdi.
Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň muzeý işini ösdürmekdäki we kämilleşdirmekdäki, muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmek babatdaky görkezmelerini durmuşa geçirmekde hem-de muzeý işini talaba laýyklykda alyp barmakda watandaşlarymyzyň şeýle-de ýaşlarymyzyň öňünde borjumyz bolup durýar. Ýurt baştutanymyz pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek barada yzygiderli aladalar edýär. Her bir işde milli ýörelgämizden ugur alyp, nusgalyk görelde görkezýär.
Bu gün älemi haýrana goýýan ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutýan, halkymyza eşretli durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun !
Röwşen NURMYRADOW