Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary” atly baýramçylyk dabarasy


Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary” atly baýramçylyk dabarasy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly adamlara hormat-sarpa goýmak hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary hilini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän gymmatlyklary we köpasyrlyk däpleri şol syýasatyň özenini düzýär. Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Ýaşulularyň halkara güni aýratyn ruhubelentlik bilen döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär.

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň syýasy geňeşinde “Halkyň Arkadagly zamanasynyň bagtyýar ýaşululary” atly göçme sergi gurnaldy. Şekillendiriş sungaty muzeýiniň halypa suratkeşleriň döreden nakgaş, grafika, heýkel we amaly- haşam sungaty eserlerinde baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň waspy ýetirilen eserleri sergilendi.

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilen sergä gatnaşyjylar döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsunlar aýtdylar.