Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde ABŞ-nyň hünärmenleri bilen «Tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde ABŞ-nyň hünärmenleri bilen «Tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleri öwrenmäge uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň alymlary bilen bir hatarda daşary ýurtly hünärmenler bilen hem maslahatlaşyp işlemäge köp mümkinçilikler döredilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerinde Mary welaýatynyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we gerek bolan rejeleýiş işlerini alyp barmak maksady bilen ABŞ-nyň San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas ştatynyň uniwersitetiniň taryhy binalary dikeldiş hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ozal baglaşylan “Arheologik ylmy-barlag işleri babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygy” esasynda Metropolitan sungat muzeýiniň wekilleri 2023-nji ýylyň 1-nji aprelden 8-nji aprel aralygynda ýurdumyzda resmi saparlarda boldular.

Tehas uniwersitetiniň wekilleriniň iş saparynyň maksady Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýini rejelemek işlerini geçirmek boýunça ýadygärligi öwrenmek, Metropolitan sungat muzeýiniň wekilleri Daňdanakan we Kuşmeýhan arheologiki ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-barlag işlerini dowam etdirmek baradaky meselelere seretmek hem-de ikitaraplaýyn maslahat geçirmekden ybarat bolup durýar.

Bu saparyň çärlerinde amerikan wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Taryhy ýadygärliklerini goramak we öwrenmek hem-de rejelemek barada milli müdirliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni goraghanalaryň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Taryhy binalary dikeltmek boýunça maksatnamalarynyň utgaşdyryjysy Anjela Lombardi, ABŞ-nyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Medeni durnuklylyk merkeziniň müdiri, Taryhy binalary gorap saklamak boýunça professor Wilýam Dýupon, ABŞ-nyň San Antonio şäherindäki Tehas uniwersitetiniň Medeni durnuklylyk merkeziniň Taryhy binalary gorap saklamak boýunça inženeriniň kömekçisi Sara Rodrigez-Himeno, Metropolitan sungat muzeýiniň kuratory, Ştutgartyň Linden muzeýiniň ylmy-barlag işleri boýunça maslahatçysy Martina Rugiadi, Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň Kollejiniň Yslam arheologiýasy boýunça professoryň kömekçisi Pol Wordswort, ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň başyndaky duşuşykda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýi hem-de Daňdanakan we Kuşmeýhan arheologiki ýadygärliklerinde alnyp baryljak işlerini maslahatlaşdylar we iş saparynyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologiki tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde, taryhy medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda söhbetdeşlik gurnaldy. Duşuşykdan soňra myhmanlar muzeýiň sergi bölümlerine aýlanyp gördüler.