Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek


Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek



Arkadag Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda türkmen arheologlary tarapyndan täze tapyndylar ýüze çykaryldy.

Türkmen alymlary tarapyndan Abiwerd galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Şol gymmatly tapyndylaryň 40-a golaýy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip gowuşdy we muzeýde oňa bagyşlanyp «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklary muzeýleşdirmek» atly dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň orta asyrlar taryhyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, suratkeşleriň çeken eserleri, Döwlet muzeýine gelip gowşan täze gymmatly tapyndylar görkezildi. Dabara gurnalan sergä ekskursiýaly gezelenç bilen dowam etdi. Dabarada Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, binagärlik doktory Muhammet Mamedow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew, «Abiwerd» taryhy- medeni döwlet goraghanasynyň direktory Ahmet Halmyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň mugallymy Röwşen Gapbargulyýew, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiri Annaoraz Abdyýew çykyş etdi.

Orta asyr Abiwerd ýadygärliginden ýüze çykarylan täze tapyndylar Döwlet muzeýiniň «Orta asyrlar taryhy» zallarynda Dehistandan, Nusaýdan, Merwden tapylan şular ýaly «simap» gaplary bilen bir hatarda möhüm orun eýeläp, halkymyzyň geçmişdäki taryhyny muzeýleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu gymmatlyklar biziň ata-babalarymyzyň baý taryhyny, ruhy dünýäsini, maddy medeniýetini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.