Aşgabatda «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçiriler


Aşgabatda «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçiriler



Şu ýylyň 15 — 17-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçirilýär.

Ýerli şekillendiriş sungatynyň ussatlary myhmanlary öz eserleri bilen tanyşdyrlar. Olar özleriniň gahrymanlarynyň nähili döredilendigini aýdyp bererler. Ajaýyp gurjaklardan başga-da, sergide dürli ýadygärlik sowgatlar we oýunjaklar görkeziler.

Sergä çykarylan oýunjaklary we ýadygärlik sowgatlary görmek bilen çäklenmän, halaýan önümleriňizi hem satyn alyp bilersiňiz.