Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Türkmen döwlet maliýe institutynda gurnalan göçme sergi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Türkmen döwlet maliýe institutynda gurnalan göçme sergi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik rowaçlyklara beslenýän türkmen medeniýeti halkyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda öz milliligi, ata-babalardan gelýän däp-dessurlary, el işleri, döredijiligi sungaty bilen nesilleriň aýdyň ýörelgesi boldy. Milli däp-dessurlarymyz, el hünärlerimiz nesillerden-nesillere geçip, barha kämilleşmek bilen sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýraýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde bu ugurdan dürli baýramçylyklar, sergiler, medeni çäreler yzygiderli geçirilip, türkmen medeniýeti, taryhy, sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda geçirilýän şeýle çäreler eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilýänliginiň beýanydyr.
Medeni çäreler, sergiler diňe bir Şekillendiriş sungaty muzeýiniň özünde geçirilmän, Diýarymyzyň ösüşleri, üstünlikleri, taryhymyz we gündelik ýaşaýyş-durmuşymyz muzeý gaznasyndaky sungat eserleriniň üsti bilen, göçme sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär. Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen „El hünäri–il gezer“ atly göçme sergi hem türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny kendire geçirip, taryhda yz galdyrmakda uly işler bitiren nakgaşlaryň muzeý gaznasyndaky eserlerinden düzüldi. Sergi türkmen milliligine bagyşlanyp, onda çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň döredijilinden söz açylýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurowyň „Ussat zenan“, Ýewgeniýa Adamowanyň „Işden soň“, Aýhan Hajyýewiň „Gülsoltan“, suratkeş Hezret Rejepowyň „Pagtaçylar“ atly nakgaş eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň döredijiligi, zähmet ýoly kendirdäki reňkleriň üsti bilen beýan edilýär. Türkmen milliligini nesillerden-nesillere geçirip, sungat derejesine ýetiren ene-mamalaryň el işleri asyrlardan-asyrlara dowamat-dowam bolsun.

D.Kulyýewa