Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy» atly sergi guraldy.
Muzeýde guralýan wagtlaýyn sergilerden tapawutlylykda bu sergi muzeýiň gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagyna bagyşlanyp, milli zergärçilik önümlerine degişli bezeg şaý-sepleriniň soňky ýyllardaky toplamalary sergide görkezilýär.
Türkmenleriň zergärçilik sungaty dünýä döwletlerinde duş gelmeýän, özboluşly gaýtalanmajak medeniýetiniň seýrek nusgasydyr. Halkymyzyň geçmişde döreden, zenanlarymyzyň dakynan şaý-sepleriniň görnüşleri, olaryň ýasalyş aýratynlyklary, nagyş bilen bezeliş ýollary ir wagtlardan bäri alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Muňa türkmen ylmynda ilkinjiler bolup taryhçylar, etnograflar, galyberse-de, daşary ýurtly syýahatçylar aýratyn uly üns beripdirler hem-de gymmatly ýazgylar galdyrypdyrlar. Olardan S.G.Gmeliniň, G.S.Kareliniň, N.N.Murawýowyň, A.Wamberiniň, G.Blokwiliň we beýlekileriň ýol ýazgylarynda türkmen şaý-sepleri hem-de olaryň aýratynlyklary barada köp maglumatlar getirilýär.
Türkmen ussa-zergärleriň işleri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmen milli bezeg şaý-sepleriniň dünýäniň iri muzeýlerinde duş gelmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Gadymy senetleriň özboluşly, gaýtalanmajak baýlyklary bilen içgin gyzyklanýan daşary ýurtly kolleksionerler olary uly höwes bilen toplaýarlar. Şeýle kolleksionerleriň hatarynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň raýaty hanym Natali
Markarýan-Fardy aýtmak bolar.
«Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy» atly serginiň esasyny hanym Natali Markarýan-Fardyň türkmen milli şaý-seplerinden ybarat bolan kolleksiýasy düzýär. Ol öz gymmatly kolleksiýasyny türkmen halkyna bagyşlamagy makul bilip, Döwlet muzeýine sowgat berdi.
Zenan kolleksioneriň bu toplamasy XIX-XX asyrlara degişli 80-den gowrak zergärçilik önümlerinden ybaratdyr. Gymmatlyklar toplamasynda maňlaýlyklaryň birnäçe görnüşleri, saç bezegleri, boýna dakylýan şaý-sepler, gyz-gelinleriň goşarlaryny bezeýän goşma bilezikleriň birnäçe görnüşleri we çapraz-çaňňalar, ýaşmakujylar bilen baýlaşdyrypdyr. Türkmeniň bedew atlaryna niýetlenip ýasalan gözlük, kümüş saply gamçylary, jöwher pyçaklary hem toplamanyň düzümine girýär. Kümüşden ýasalyp bezelen gopuzyň görnüşi, ik ujy, baş daragyň ýeke-täk nusgalarynyň muzeý gaznasyna goşulmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.
Halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän türkmen zergärçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde täze ösüş ýoluna eýe boldy. Türkmen milli şaý sepleriniň häzirki zaman nusgalary zergärçilik sungatynyň kämilleşmegine mümkinçilik döretdi. Sergide hem bezeg şaýlarynyň milli nusgalary bilen häzirki zaman nusgalarynyň sazlaşykly ýasalan görnüşleri görkezilýär. Şeýle serginiň Döwlet muzeýinde ilkinji gezek guralanlygyny hem bellemek gerekdir.