Milli mirasymyza bagyşlanan hoşallyk çäresi


Milli mirasymyza bagyşlanan hoşallyk çäresi



2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda belli arheologlar W.Massonyň, W.Sarianidiniň ylmy açyşlaryna bagyşlanan, şeýle hem türkmen-fransuz bilelikdäki arheologiýa işlerini alyp barmak boýunça halkara ylalaşyga gol çekilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şanly ýylymyzyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetlerimiziň tüýs ýürekden guwanmak bilen olaryň galdyran mirasyny öwrenmegi hem-de ýoluny dowam etmegi ündew-nesihat etdi.
Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatyndaky taryhy çykyşynda «W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar» diýip belledi.
Arkadag Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, W.Masson, W.Sarianidi ýaly belli halypalarymyzyň dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary hem gönüden-göni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp müň ýyllyk taryhly ýadygärliklerde amala aşyryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen ýurdymyzda belli daşary ýurtly alymlarynyň gatnaşmagynda ylmy-gözleg işleri işleri yzygiderli geçirilýär. Kaka etrabynyň çägindäki Ulugdepe ýadygärliginde türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasynyň işine badalga bermek boýunça halkara ylalaşygyň baglanyşmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr.
Şu günki geçirilen hoşallyk maslahatynda belli arheologlar W.Massonyň, W.Sarianidiniň amala aşyran ylmy açyşlary hem-de olaryň şöhratly taryhymyzy öwrenmekdäki ähmiýeti giňden beýan edildi.
Hoşallyk çäresine Wadim Mihaýlowiç Masson hem-de Wiktor Iwanowiç Sarianidi bilen egin-egne berip zähmet çeken alymlar, tejribeli hünärmenler çykyş etdiler. Ýurdumyzda geljekde alnyp baryljak ylmy-barlag işleri barada gürrüň berdiler, talyp ýaşlar hem-de ýaş hünärmenler ýurdumyzyň ýadygärliklerinden ýüz çykarylan gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Halypalar ýaşlaryň bu ugurda gyzyklandyrýan sowallaryna-da jogap berdiler.
Maslahata halypalar bilen bilelikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda milli medeniýetimiziň we arheologiýany has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary üçin, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.