Türkmenistanyn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Arkadagymyzyň ýörelgesi-milli gymmatlyklarymyza sarpa” atly maslahatynyň çäklerinde gurnalan göçme sergi
“Halkyň Arkadagly zamanasy ” şygar bilen badalga alan 2022-nji ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan” atly ajaýyp goşgusy bilen başlanmagy halkymyzyň watançylyk duýgusyna joşgun bagyşlady. Häzir uly buýsanjy başdan geçirýän ildeşlerimiziň ýürek joşgunynyny kalplara besläp, ýurdumyzyň çar künjegini dürli çäreler gurşap alýar. Şeýle dabaraly gurnalýan çärelere ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň wekilleri işjeňlik ýagdaýda gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Arkadagymyzyň ýörelgesi-milli gymmatlyklarymyza sarpa” atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan amaly-haşam sungaty, nakgaş eserleriniň sergisi gurnaldy.
Bu sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň milli lybaslarymyzyň, zenan keşpleriniň waspy ýetirýan nakgaş eserleri sergilendi. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýakup Annanurowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Haky Allaberdiýewiň nakgaş eserleri, şeýle-de birnäçe heýkel eserleri görkezildi.
Sergi maslahata gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Biziň milli mirasymyzy, muzeý gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.